«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary we wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri hasaplanýan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hem professor mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda bu babatynda maslahatlar geçirilýär. Bu çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, mertlik, gahrymançylyk ýaly asylly ýörelgeleri has-da özleşdirmekleri üçin uly wezipäni ýerine ýetirýär.