«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024
Halk arasynda köp pikirlenip, kelläňe artykmaç agram salmagyň saglygyňa zyýan ýetirýändigine ýa-da adamy «däliredýändigine» degişli her dürli ynanç bar. Bu ynançlara görä, eger adam bir zada ýa-da birnäçe zada aýratyn ähmiýet berip, beýnisine agram salsa, beýniniň muňa güýji ýetmän, oňa zeper ýetýärmişin hem-de wagtyň geçmegi bilen bu zeper sebäpli adam öz-özi bilen gepleşip ugraýarmyşyn. Soňra ol beýleki adamlar bilen gepleşmän, hatda adamlardan gaçyp başlaýarmyşyn. Muňa gepleşik dilinde «ylym urmagy» diýip at berýärler. Ylym urmagyndan köp kişi gorkýar. Onuň öňüni almak üçin bir zada örän köp kelläňi agyrtmaly däldigine ynanýarlar. Bular dogrumy? Hakykatdanam, ylym urýarmy?