Goýny gül Diýarymyzyň görküne çaga gözi bilen seredip bolaýsa! Hasam şu günler. Çünki ýurdumyza olaryň iň söýgüli baýramy — Täze ýyl gelýär! Özüniň garaşylmadyk sowgatlary, üýtgeşik tagamnamasy, täsinje gutlaglary bilen adamlaryň, aýratyn-da, körpeleriň hakydasynda ýylboýy ýakymly ýatlama bolup galýandygy üçinem Täze ýyl beýleki baýramlardan has şüweleňli. Ine-de, arzylanyp garaşylýan Täze 2025-nji ýylyň Diýarymyzyň mübärek bosagasyndan ätlemegine az pursat galdy. Biz hem körpelerimize, olaryň ene-atalaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli redaksiýamyzyň adyndan garaşylmadyk baýramçylyk gutlaglaryny ýetirmegiň aladasynda kän gezdik. Ahyram «2025»-iň gutlaglary» atly seslenme bilen « ** – 20 – 25» telefon belgilerine jaň edip, olaryň ýürek buýsançlaryny, Täze ýyl gutlaglaryny halkymyza ýetirmegi ýüregimize düwdük. Elbetde, jaň eden belgilerimiziň eýeleri bu tötänlige haýran galsalar-da, teklibimizi goldap, özleriniň Täze ýyl gutlaglaryny biziň bilen paýlaşdylar. Bizem başardygymyzdan ony sözme-söz size ýetirýäris.
«** – 20 – 25».