Gujurly ýaşlaryň döredijilik dünýäsinde

14 Dekabr 2024
139

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda bu ýokary okuw mekdebiň mugallymlarynyň, uçurymlarynyň, şeýle-de talyplarynyň «Gujurly ýaşlar — 2024» atly döredijilik sergisi dowam edýär. 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň dekabrynda geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik sergisiniň nobatdaky tapgyry, adatça bolşy ýaly, bu gezek hem sungat eserleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Ýaşlaryň başarnygyny artdyrmak, şeýle-de halypa-şägirtlik ýörelgesini dowam etdirmek, şonuň bilen birlikde ýokary okuw mekdebimizi tamamlan uçurymlaryň hem sergä gatnaşmagyny gazanmak, olar bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak maksady bilen geçirilýän döredijilik sergisinde 365 eser görkezilýär. Açylyş dabarasynda çykyş eden halypa mugallymlar, ussat suratkeşler, heýkeltaraşlar, görnükli sungat işgärleri zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, sungatyň dürli ugurlary, şol sanda halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika ugurlary boýunça bilim alýan ýaşlaryň kämilleşmeginde serginiň uly ýardamynyň bardygyny bellediler.

Döwrangeldi MOÝTYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar