Bitaraplyk binasyna gül desseleri goýuldy

13 Dekabr 2024
103

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow parahatçylygyň, ynsanperwerligiň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hemişelik Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri esasynda ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri — Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek babatda-da zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi ýaly beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar.

«Watan».
Beýleki habarlar