Şeýle at bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Duşuşykda çykyş edenler maşgala agzybirligi, maşgalada çaganyň we ene-atanyň orny barada giňişleýin durup geçdiler. Her bir maşgalada çaga terbiýesine aýratyn üns berilmelidigini ündediler. Milliligimize, asylly däp-dessurlarymyza belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.