Hasyl bolan arzuw

6 Ýanwar 2021
2127

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan Täze ýyl baýramy ýetip gelipdi. Şäheriň köçeleri diýseň owadandy. Oklaw ýaly göni köçeleriň ugrundaky hatar tutup oturan arçalardan başlap, howalanyp duran ak mermerli belent binalaryň öňündäki meýdançada ýörite oturdylan beýik arçalara çenli dürli reňkli çyralarydyr täsin bezegleri bilen ýylpyldaşyp, seredeniň göwnüni göterýärdi.

Ençe wagt bäri ýüreginiň töründen ýylpyldap duran umyt uçgunlaryny söndi hasaplap gelýän gyz öýlerine nähili ýeteninem duýmady. Ol aşhanada güýmenip ýören ejesine-de habar gatman, göni öz otagyna girdi. Eşiklerini çalşyp, eline ilen kitaplaryň birini aldy-da, kürsüde ornaşdy. Ýöne kitap onuň ünsüni bölüp bilmedi.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar