Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak uly bagtdyr we mizemez döwletlilikdir. Şeýle ajaýyp döwrümizde ildeşlerimiziň ençemesiniň döwlet sylagyna ― «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy buýsançly wakadyr. Bu her bir adamyň zähmetine bildirilen uly ynamdyr, geljekki üstünliklere ruhlandyrýan, ata Watanymyza bolan söýgimizi has-da artdyrýan ylhamdyr. Dabarada gursaklary buýsançdan doly ildeşlerimiz, döwlet sylagynyň eýeleri halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän, şeýle hem dowam edýän şanly ýylymyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny täze röwüşde dünýä ýaýýan, at-abraýyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.