Bitarap Türkmenistan — ylalaşdyryjy merkez

8 Dekabr 2024
90

Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly däpleri bu günki günde döwletimiziň oňyn bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de durnukly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm girewi bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Hemişelik Bitaraplyk derejesi eziz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýä ýüzünde il-uluslaryň we Zeminiň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde esasy orny kesgitleýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem gönükdirilendir» diýlip bellenilişi ýaly, bitaraplyk ýörelgesi örän giň we çuň filosofiki mana eýedir.

Dünýäde parahatçylygyň mekany we ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir. Çünki Milletler Bileleşigi halkara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň we ösdürmegiň strategik binýady bolup çykyş edýär. Öz gezeginde Bitarap ýurdumyzyň şeýle abraýly guramada möhüm orna eýedigini nygtamak buýsançlydyr. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Galyberse-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň teklibi bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» ýaly Kararnamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň ählisiniň tutuş dünýäde ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.

Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar