Uglewodorod serişdeleri türkmen topragynyň bahasyz baýlygydyr. Şol baýlygyň gorlaryny agtaryp tapmak, meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek, tebigy gazyň we nebitiň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemek we olary sarp edijilere ugratmak ýaly möhüm işler utgaşykly alnyp barylýar. Pudagyň welaýatymyzdaky kärhanalarynyň başarjaň işgärleri bu işe yhlasly we maksada okgunly gatnaşýarlar. Olar özleriniň hünär baýramlaryny hem zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çig mallary gaýtadan işlemegiň hasabyna ýokary hilli nebit önümlerini öndürmekde guwandyryjy görkezijiler gazanylýar. Şanly ýylyň geçen on bir aýynda kärhanada çig mallaryň 431,4 müň tonnasy gaýtadan işlenildi we bu baradaky meýilnama 109,1 göterim berjaý edildi. Şonça çig maldan bolsa geçginli önümleriň jemi 375,7 müň tonna golaýy öndürildi. Bu önümiň 219 müň tonna golaýy dürli oktan sanly benzindir. Bu gymmatly önümi öndürmekde geçen ýylyň deňeşdirilýän döwrüne görä 109,6 göterim ösüş depgininiň gazanylandygy bellärliklidir. Şeýle-de geçen döwürde dizel ýangyjynyň 109,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 23,6 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň 19 müň tonnadan gowragy öndürildi.