Halkymyzyň taryhy köklerini gadymdan alyp gaýdýan örän nepis, owadan, milli egin-eşikleri bar. Olaryň hersi öz ornunda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen milli lybaslary örän özüne çekiji, göze gelüwli. Sebäbi olarda çeper elli zenanlarymyzyň, ene-mamalarymyzyň elleriniň yzlary, bu sungata bolan yhlasy, söýgüsi bar. Şol milli miraslarymyzyň biri-de bilguşakdyr.
Bilguşak matadan taýýarlanylýar, ýüňden dokalýar. Erkek kişileriň bilguşaklary zenan bilguşaklaryndan tapawutly bolýar.