Kitap adamzat durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gymmatlykdyr. Şu sebäpli ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitap maglumat almak üçin hem wajyp serişde. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Kitaba uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyzyň gurduryp beren welaýat kitaphanasynda hem okyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilen. Şeýle binada zähmet çekmek, okyjylara hyzmat etmek uly bagt. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek, täze gelen kitaplar bilen şäher, etrap merkezi kitaphanalaryny we olaryň şahamçalaryny üpjün etmek, neşirleriň gysga wagtyň içinde okyjylaryň ellerine gowuşmagyny gazanmak biziň esasy wezipämiz bolup durýar.
Golaýda kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitabynyň II jiltiniň 689 sanysy, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jiltiniň 710 sanysy bar. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenilen «Bir bar eken...», «Ertekiler dünýäsinde», «Dostlugyň miwesi» atly kitaplar hem gelip gowuşdy. Bu neşirleriň ene dilimiz bilen birlikde rus, hindi, ispan, nemes, fransuz, hytaý, koreý, pars, türk, ýapon dillerinde neşir edilmegi ýaş nesliň dil bilimini artdyrmakda iňňän peýdalydyr. Täze gelen kitaplar jemi 1750 sany bolup, welaýatymyzyň ähli şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Biz täze gelen kitaplary kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebiýat agşamlarynyň üstli bilen wagyz edýäris.