Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň bagtyýar türkmen halkyny aýratyn buýsanja besleýän şöhratly senedigini nygtamak ýakymlydyr. Sebäbi hut şol günde – 1995-nji
ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi we bu senäniň bu günki gün dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan baýram edilmegi türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine eýediginiň güwäsidir.