Düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygynyň açylyş dabarasy boldy. Daşary işler ministrliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary bilen bilelikde guran duşuşygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we dolandyrmak işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, atlas kartalaryny taýýarlamak işini ýola goýmak, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň obýektleri boýunça suratlary we çyzgylary toplamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.