Merdana nesiller bäsleşdiler

6 Dekabr 2024
171

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar gatnaşdylar.

Olar halkymyza mahsus bolan merdanalygy, pederlerimiziň gahrymançylykly ýollaryna belent sarpalaryny, Watana bolan söýgülerini, berkarar döwletimize bolan buýsançlaryny çeper beýan etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda ýurdumyzyň ösüşleriniň, röwşen ertirlere bolan ynamyň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň netijesi boýunça Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew birinji, Saýat etrabyndaky 61-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Allanur Kakageldiýew ikinji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepden Maksat Bäşimbaýew, Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdepden Perman Gaýgysyzow we şol etrapdaky 9-njy orta mekdepden Şamuhammet Orazow dagy üçünji baýrakly orny eýelediler. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň adyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy .

Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar