Zehinli okuwçylaryň üstünligi

6 Dekabr 2024
172

Welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan zehinli okuwçylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy tarapyndan biologiýa we himiýa dersleri boýunça geçirilen açyk internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiada 10 ― 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi.

Biologiýa boýunça geçirilen olimpiadada Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Kerim Italmazow birinji orny eýeläp, welaýatymyz boýunça iň ýokary netijäni görkezdi. Şeýle hem bu olimpiadada 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda ýene şol mekdepden Bägül Çaryýewa ikinji, welaýat merkezimizdäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Mährijemal Döwletgeldiýewa üçünji, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçylary Mukam Döwletmämmedow bilen Jemal Allakowa ikinji, Dänew etrabyndaky 19-njy orta mekdepden Aýna Ahmedowa, ýene şol etrabyň 3-nji orta mekdebinden Jennet Arslanowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden Selbi Kerimberdiýewa üçünji; şu okuw ýylynyň ahyrynda ak mekdepden uçurym boljak ýaşlaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Maral Berdimyradowa ikinji, ýene şol mekdepden Mehri Suwhanowa bilen welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinden Arslan Ýangibaýew üçünji orny eýelediler.

Çinigül JUMAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar