Nebitgazym — baýlygym, hazyna-genjim

6 Dekabr 2024
188

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym!» ady bilen geçiren dabaraly çärämize dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Naz-nygmatly toý saçagynyň başynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan uly möçberli işler barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlarda ajaýyp döwrümiziň waspy belentden ýetirildi. Çäräniň dowamynda bu pudakda göreldeli zähmet çekýän ýaşlara baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.         

Orazgül Amandurdyýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.
Beýleki habarlar