Maslahat geçirildi

6 Dekabr 2024
270

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýatnyň döwlet arhiwiniň hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahat geçirildi.

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat döwlet arhiwiniň pudaklaýyn edaralar bilen işleşmek boýunça esasy arhiwçisi Arslan Taýmazow, muzeýiň bölüm müdiri Çynar Annaýewa, hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy çykyş etdiler. Çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynyň her bir bendinde, her setirinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk köprüsiniň — parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň binýadyny berkitmek baradaky derwaýys pikirleriň öňe sürülýändigi dogrusynda bellediler.

Beýleki habarlar