Janly-jandarlaryň ählisi hem gije-gündiziň belli bir wagtynda dem-dynç alýar. Emma gijesine hem hereket edip ýören garynjalary göreniňde: «Be, bular haçan dynç alýarka?» diýen sorag ýüze çykýar. Dogrudan hem, «Garynja gara günde...» diýlişi ýaly, bu kiçijik möjekler gije-gündiz hereketde. Eýsem, bu işeňňir jandarlar haçan dynç alýarka?!
Garynjalar uly maşgala bolup ýaşap, edilmeli işleri öz aralarynda bölüşýärler. Ýagny her bir garynjanyň öz wesipesi bar. Etmeli işini birkemsiz ýerine ýetirýän bu jandarlar uklamak üçin sessiz we howpsuz ýere – hinlerine girýärler we bir-iki sagat dynç alýarlar. Dynç alýan garynjalaryň etmeli işlerini «doganlary» ýerine ýetirýär. Adatça, garynjalar gijesine köpräk işläp, gündizine dynç alýarlar. Esasan hem, tomus paslynda garynjalar gündizine ýeriň aşagyndaky salkyn öýünde dynç alyp, gijesine işe başlaýarlar. Garynjalar käte agaçlaryň gabyklarynyň arasynda, ot-çöpüň arasynda hem dynç alýarlar. Garynjalar iýmit daşamak üçin çeken ýolundan hatar bolup ýöräp, biri-biri bilen habarlaşyp gidýärler. Haçanda käbir garynjanyň hereketi haýallap ýadap başlasa, beýlekiler onuň ýüküni äkidýärler. Ýadaw garynja bolsa, dynç almak üçin amatly ýere geçýär.