Beýi (behi) adam saglygy üçin örän peýdaly miweleriň biridir. Witaminleriň jemlenen ýeri hasaplanýan bu miwäniň iýmit siňdiriş agzalaryndan başlap, ýürek-damar ulgamyna çenli birnäçe peýdasy bar. Güýz paslynda ýetişýän we ýaz paslyna çenli zaýalanman saklanýan bu miweden terligine iýmek bilen bir hatarda, şerbet, mürepbe, marmelad taýýarlap bolýar. Beýi gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylyp gelinýän miweleriň biridir. Agajyň ýapragy, miwesi we çigidi derde derman hasaplanýan bu miwe gyş paslynda iýmeli miweleriň biridir.
Beýiniň düzüminde erkin radikallara garşy göreşýän güýçli antioksidantlar bar. Bu antioksidantlar öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alyp, dowamly kesellerden goraýar. Almalar maşgalasyna degişli bu miwe wagtyndan öň garramagy gijikdirýär, şeýle hem deriniň çeýe hem ýaş görünmegini üpjün edýär. Çişme howpuny azaldyp, bedeniň alyş-çalyş işini goldaýar. Beýi ýürek ýetmezçiliginiň hem dermany hasaplanýar.