Germaniýanyň öňki Kansleri Angela Merkeliň «Erkinlik» atly täze ýatlamalar kitaby Kýoln şäheriniň «Kiepenheuer and Witsch» neşirýatynda çap edildi. Kitapda protestant ruhanynyň gyzy Merkeliň uly syýasata gelşi barada gürrüň berilýär. Kitabyň daşynda syýasatçy zenanyň alyslara garap duran keşbi ýerleşdirilipdir. Kitap Merkeliň syýasy geňeşçisi Beate Bauman bilen bilelikde ýazylypdyr. Kitap köp sanly suratlary, şol sanda öňki Kansleriň çagalyk suratlaryny hem öz içine alýar.
«Dünýäniň 30 ýurdunda neşir edilen bu kitap «biziň döwrümiziň iň täsirli syýasatçysynyň oý-pikirlerine we işine çuňňur düşünmäge ýardam berer» diýip, «Bild» neşiri ýazýar. Bu kitap tiz wagtda iň köp satylan kitaba öwrüldi. Berlinde ýüzlerçe adam awtograf almak üçin «Dussmann» kitap dükanynyň daşyna jemlendiler.