Halypalaryň gürrüňinden

5 Dekabr 2024
215

Daşary ýurtlaryň birine ýygnaga gidenimizde, arakesme wagty bir garryja professor ýanyma gelip: «Türkmenmi siz?» diýip sorady. Menem: «Hawa, edil özi» diýdim. Ol ýene: «Men kän kitaplaryň sahypasyny agdarýan welin, häli-şindi «Magtymguly» sözi çykyp dur. Magtymguly diýilýän nähili şahyr?» diýip, soragly nazar bilen bakdy.

«Gowy şahyr» diýip goýanyň bilen boljak däl. Onsoň menem: «Ynha, iki adam jedelleşip, biri eý diýip, birem beý diýip, delil getirip çekeleşip duran bolsa, ahyry bir tarap: «Magtymguly şahyram şeýle diýipdir...» diýip, şahyryň bir setirini mysal getiräýse, garşy tarap beýleki tarapyň pikiri bilen ylalaşýar» diýdim welin, bilesigeliji goja: «Bä-ä-ä, men dünýäde henize çenli bir setiri bilen iki dawagäri ylalaşdyryp bilýän şahyry tanamokdym» diýdi...

Beýleki habarlar