Hakdan içen hakaýyl

5 Dekabr 2024
173

Bir ýyl «Tijarat hem zyýarat» diýip, Gazojagyň Şyharygyndan Halmuhammet Goçgar bilen Hywa ýadygärliklerine gezelenje gitdik. Magtymgulynyň Şirgazy han medresesinde okan wagty ýaşan hüjresine bardyk. Hüjräniň öňündäki takyr ýerde çökümize düşüp, müjewür ýaşula şahyryň ruhuna aýat okadyp, el galdyrdyk. Bu hüjrede Magtymguludan soňam doganlyk halklaryň ýazyjy-şahyrlary talyp döwürleri ýaşap gidipdir. Şol ýazyjy-şahyrlaryň reňkli suratlary hüjrä giren ýeriňde sag diwara berkidilip goýlupdyr. Törde ini 3-4, boýy 6-7 garyş türkmen gölli nah halyçanyň ýüzünde çarçuwa salnan Pyragynyň portreti bar eken. Suraty söýgi bilen synlaýanymyzy gören müjewür ýaşuly: «Bu ýerde okan talyplaryň köpüsi sopy, käbiri işan derejesine ýeten, Magtymguly bolsa ahun çykan, Hakdan içen hakaýyl kişi» diýdi. Soňundanam:

Magtymguly söz binýadyň,
Agzynda ýakynyň-ýadyň.
Hünär ýok, söz bilen adyň,
Halk içinde belli görner —

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
mirasgär.
Beýleki habarlar