«Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

5 Dekabr 2024
288

Şu günüň hem-de geljegiň möhüm wezipeleriniň biri daşary ýurt dillerini öwrenmek bolup durýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň beýgelýän, ýedi yklymyň döwletleri bilen köpugurly dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýän döwründe daşary ýurt dillerini ýeterlik derejede özleşdiren ýaş hünärmenleriň ukyp-başarnygyna isleg has-da ýokarlanýar. Dünýä dillerini öwrenmegiň dürli-dürli usullaryny, ýollaryny tapmak, kämilleşmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak derwaýysdyr. Okamak, eşitmek, ýazmak we sözlemek usullary utgaşykly alnyp gidilende dil öwrenmek birnäçe esse netijeli bolýar. Üstesine, bu ädimler dil öwreniş babatda ýokary gyzyklanmany hem oýarýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň:  «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen çuňňur many-mazmunly hem-de ganatly sözlerinden ugur alyp,  şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň  Parahatçylyk  Gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň  Bilim ministrligi hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde ýaş terjimeçileriň arasynda «Köňülleri  birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

 Bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlarymyzy  watançylyk  ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda edebi terjimeçilik işi boýunça üçünji gezek geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan, zähmet çekýän dürli kärdäki ýaşlarymyzyň birnäçesi gatnaşdy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda ýaş terjimeçi dünýäde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň kyssa eserlerinden, poema ýa-da goşgularyndan bir parçany türkmen diline terjime etmeli.

«Dünýä edebiýaty».
Beýleki habarlar