«Asmanymyz parahat, dünýä dolsun owaza!»

5 Dekabr 2024
176

Öňňin Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylyk söýüjiligiň we dost-doganlygyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Oňa «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan syýasatynyň, durmuşa geçirýän işleriniň üstünliklere beslenýändigi bellenildi. Türkmen Bitaraplygy parahatçylygy ösdürmegiň döredijilik binýady hökmünde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli pugtalandyrylýar. Bular dogrusyndaky söhbetler maslahatyň dowamynda aýdyň beýanyny tapdy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary bolsa oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Baýramgül GURBANOWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar