Gün dogup gelýärdi (hekaýa)

4 Dekabr 2024
203

Gün dogup gelýärdi. Onuň tyl­laýy çyrazlary ýylçyr gaýalara düşüp lowurdaşýardylar. Daragtlaryň ýapraklary Günüň nuruna has-da terlenip, öwşün atýardylar. Ýapraklara, parç bolup boý alan otlara siňňin seretseň, olar ýap-ýaňyja ýaşyl boýaga batyrylyp çykarylypdyr diýdirýärdi.

Giň jülgeden atyny maýdalyna sürüp barýan Ärsak patyşa hem bu hözirlerden binesip däldi. Ol daş-töweregindäki gözel­liklere bakmakdan doýmaýardy.

Döwletmyrat NURYÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Beýleki habarlar