Gyz göwni gülden näzik (hekaýa)

4 Dekabr 2024
199

Söýgi adamda ýaşaýşa höwes döredýär. Söýmek we söýülmek ajaýyp duýgy bolup, Allatagalanyň her bendesine eçilen peşgeşidir. Gyz bolsaň, edepli ýigit bilen durmuş gurmak, agzybir öýüň bikesi bolmak barada kalbyňda ýagşy arzuwlar besleýärsiň. Edil şonuň ýaly, ýigit bolsaň-da, bile durmuş gurjak gyzyň barada päk arzuwlarda, ýagşy niýetde bolýarsyň. Gülaýym hem şeýle arzuwlar bilen ýaşaýardy. Ol ejesi ýarawsyz bolansoň, «Abraýly, başym gyzyl kürteli durmuşa çykyp gidenimi bir görse, käbäm» diýip, dileg edýärdi.

Gülaýym maşgalada ýeke gyzdy. Olaryň agzybir maşgalasy bardy. Ol ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýardy, sapaklaryna diýseň gowy ýetişip, mugallymlarynyň söýgüsini gazanypdy. Gülaýym ýuwaş, çekinjeň, asylly gyzdy. Şonuň üçin bile okaýan ýoldaşlary-da ony hormatlaýardylar.

Bägül BAÝGELDIÝEWA
Beýleki habarlar