Depme
Türkmen edebiýatynyň nusgawy wekili Nurmuhammet Andalybyň doglan obasy bolan Garamazy bilen ýanaşyk obanyň «Depmeçi» diýlip atlandyrylýandygyny, türkmen taýpalarynyň arasynda depmeçi atly tiräniň bardygyny bilýän hem bolsam, depmäniň nähili zatdygyny anyk göz öňüne getirip bilemokdym. Mirashanalarda hem işjeň ýagdaýy görkezip duran juwazdyr jykyry gören bolsamam, depmä duş gelenim ýadyma düşenok. Onsoň bilýän adamlardan sorap, depme baradaky käbir zatlary anykladym.