Baýramçylyk saçaklary üçin

4 Dekabr 2024
215

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy noýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklarynda dürli naz-nygmatlaryň, dükanlarda sowgatlyk harytlaryň ýeterli bolmagyny üpjün etmek barada degişli tabşyryklar berildi.

Goşa baýram gapymyzdan ätleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren tabşyryklaryny günübirin ýerine ýetirmek üçin biziň welaýatymyzda hem zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Adaty günlerimizde hem saçaklarymyz berekedini seçip dur welin, toý-baýramlarymyzda, şatlykly günlerimizde dürli tagamlary bilen has-da haýran galdyrýar. Ajaýyp däp-dessurlarymyza görä, saçaklarymyz ildeşlerimiziň açyk kalplaryny, ruhy joşgunlaryny, sähralary deýin jomartlygyny, giňligini görkezýär. Il-ýurda arzuw edilýän gowulyklar bolsa naz-nygmatlara süýjülik gatyp, rowaçlyklarymyza bat berýär.

Ilmyrat DÖWLETOW.
Beýleki habarlar