Suwiti

4 Dekabr 2024
225

Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsinde goralmaga degişli, ýitip barýan, azalýan ýa-da seýrek görnüşlerinden başga-da az öwrenilen, ýöne sany azalýan we ýaýrawy daralýan görnüşler hem bar. Milli baýlygymyz bolan şol haýwanlary gorag astyna almak we ylmy taýdan öwrenmek işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle işler suwiti babatynda hem alnyp barylýar.

Biziň muzeýimiziň tebigat zalynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly diorammasynda bu ýerde mesgen tutan janly-jandarlar barada dürli maglumatlar berilýär. Şolaryň arasynda gemrijiler toparyna degişli bolan suwiti-de bar. Olar süýdemdiriji haýwanlardyr. Suwiti daşky görnüşi boýunça syçana meňzeýän iri gemriji jandardyr. Olaryň kelleleri uly, gulaklary we gözleri kiçi bolýar.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar