Magtymguly Pyragy — ýürekleriň çyragy

4 Dekabr 2024
207

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ylmy we çeper eserleriň ençemesi çap edilýär. Golaýda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym» atly goşgular ýygyndysy neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Bu kitapda Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi ussatlyk bilen beýan edilýär. Kitapdaky mähir-muhabbete ýugrulan goşgular üstümizdäki ýylda ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýan Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamyna, berkarar türkmen döwletiniň bu günki ýeten belent sepgitlerine şahyr zenan Gözel Şagulyýewanyň özboluşly seslenmesidir, ýürek owazydyr. Täze kitaba şahyryň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden ruhlanyp ýazan söýgi, durmuş baradaky goşgulary hem girizildi. Many-mazmuna, çuňňur çeperçilige ýugrulan şygyrlar, olardaky pelsepewi pikirler okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.

Ogulnabat JUMAÝEWA,
Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar