Döredijilik adamlaryň durmuşyndan

4 Dekabr 2024
127

Ýatda galan duşuşyk

Bu waka 1984-nji ýylyň ahyrlarynda bolupdy. Ol wagtlar men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talybydym. Mugallymymyz Nazar Gullaýew Magtymguly adyndaky edebiýat birleşmesiniň nobatdaky duşuşygynyň geçiriljekdigini, oňa Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň hem geljekdigini aýdyp, bizi oňa gatnaşmaga çagyrdy. Bellenen günde uly auditoriýanyň içi talyplardan doldy. Nazar mugallym bizi Çary Aşyrow bilen tanyşdyryp, oňa söz berdi. Ýazyjy geçen durmuş we zähmet ýoly, döredijilige baş goşuşy, «Ermeni gyzy» goşgusynyň döreýiş taryhy, bu goşgynyň gahrymany — ermeni gyzy Nina bilen baglanyşykly wakalary gürrüň berdi, döreden eserlerinden parçalary okap berdi. Soňra talyplaryň biri: «Ganly saka» poemasyndaky wakalar siziň durmuşyňyzdan alnan diýýärler welin, şol dogrumy?» diýip sorady. Çary aga bu poemadaky wakalaryň durmuşdan alnandygyny, käbir ýerleriniň çeperleşdirilendigini aýtdy. Ýazyjy soňra talyplary gyzyklandyrýan başga-da birnäçe sowallara jogap berdi. Ine, şondan soň talyplar öz döreden goşgularyny, şahyrana oýlanmalaryny okadylar. Ýazyjy her bir esere düýpleýin seljerme berýärdi welin, onuň delilleri maňzyňa batýardy. Çary aga ýaşlara guraksy sözlerden gaça durmagy, ýazan eserleriniň diliniň şireli bolmagyny gazanmagy, nusgawy şahyrlarymyzy, türkmen halk döredijilik eserlerini köpräk okamagy, olardan görelde almagy maslahat berdi. Birleşmede gowy görlen eserler şol wagtky «Türkmen uniwersiteti» atly köptiražly gazetde, merkezi gazetlerde çap edildi. Aradan ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, Çary aganyň parasatly agras keşbi hakydamda galypdyr.

Sylap BABAÝEW,
Saýat etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar