Ýaby nähili çekjek bolsaň...
Öňki döwürde bir oba ýap çekjek bolanlarynda, çekiljek ýabyň ugruny kesgitlemek üçin şeýle bir usuly ulanypdyrlar.Ýabynyň boýnundan bir halta gum asyp, arkasyna külden doldurylan argyş çuwaly basypdyrlar. Soňam çuwaldan kül dökülip durar ýaly aşagyndan deşip, ýabyny ýabyň çekiljek ugry boýunça kowupdyrlar. Şonda ýaby boýnundan ýük asylyp duransoň, kowlan ugruna ýeriň pesini saýlap ýöräpdir. Dökülip barýan kül bolsa, onuň ugruny belli edipdir.