Ajaýyp zamananyň ösüşli menzilleri
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösüşiň täze belentliklerine göterilýär, senagat taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde Ýer ýüzündäki abraýy barha artýar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugry bolan nebitgaz pudagy hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, topluma sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatdaky wezipeler üstünlikli berjaý edilýär.