Ýatlamalar depderi (Hekaýa)

3 Dekabr 2024
190

Säher bilen «Niredesiň, Doluhan?» diýip ugran dostlar alaň-alaň çägesöw meýdanlary, depedir gollary synlap barýardylar. Ulag küpürsäp ýatan gumaksy hem çägeli ýollary kynlyk bilen, zomap geçip gidýärdi. Ýetginjeklikde, oglanlykda aýak yzlary galan bu mukaddes sährany, düzlükleri synlap barýan Han şu ýerlerde düşläp, az-kem dem-dynç almagy, çaý-suw içip, garbak-gurbak edinmegi dostlary Merdandyr Orazdurda teklip etdi. Olar hoştap güýzüň çigregine az-kem pürleri dökülişen, şahalary ýaýbaň bir sazagyň deňesinde saklandylar. Ulagdan goş-golamlaryny düşürip, töwerekdäki guran çöp-çalamdyr jygramalary, ýandak köklerini çöpleşdirip, ot ýakdylar. Tüňçelerini suwdan dolduryp, çaý goýdular, käselerine bir bölek gowurdak atynyp, çaýçorba edindiler.

Nazaryny alaň-alaň guba depelere dikip, ýatlamalara berlip oturan Han, hamala öz-özi bilen gürleşýän ýaly, pessaý äheňde söze başlady:

Bäşim ATAÝEW.
Beýleki habarlar