«Dikuçar» lakamly pälwan

4 Ýanwar 2021
1889

Adatça il içinde giňden tanalýan adamlaryň öz adyndan lakamy ýörgünli bolýan halatlary duşýar. Jumabaýyňky hem şeýle boldy. Ol gulagyna azan aýdylyp dakylan Jumabaý ady bilen däl-de, lakamy bilen meşhur boldy. «Dikuçar» pälwan diýseň, türkmen milli göreşiniň janköýerleriniň arasynda ony tanamaýan bolmaz. Ýöne Jumabaý pälwan diýseň, «Haýsy Jumabaý, hä ol dikuçar pälwanmy?!» diýerler. Onuň bu lakamy almagyna obamyzdaky toýda bolan bir waka sebäp bolupdy.

«Goňşy obadaky Mürze çopan inisini öýerip, toýy uludan tutjakmyş, at çapyşygyna, göreşine uly baýraklar goýjakmyş» diýen habar oba ýaýrady. Bu habar pälwanlaryň, seýisleriň aladasyny artdyrdy. Toýuň sähedi bellenilip, oňa taýýarlyk işleri ýaýbaňlandy. «Toý obanyňky» diýen ynama uýýan oba adamlary üýşüp, ýowara çykdylar. Obanyň gaýrasyndaky boşlukda at aýlawy guraljak, göreş tutuljak ýerlerde birkemsiz taýýarlyk işleri geçirildi. Göreş tutuljak ýere ýumşak ak çäge düşeldi.

Baýramberdi AMANBERDIÝEW.
Beýleki habarlar