Sport — ru­hu­be­lent ýaş­ly­gyň hem­ra­sy

1 Dekabr 2024
174

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ha­sam giň ýaý­baň­lan­ma­gy, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ro­waç­lan­ma­gy, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň dün­ýä­de ýo­kar­lan­ma­gy Gahryman Arkadagymyz we hormatly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan döw­let de­re­je­sin­de ile­ri tu­tul­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­re de­giş­li­dir. Ila­tyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, us­sat tür­gen­le­riň ke­ma­la gel­me­gi, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, ta­lyp ýaş­la­ryň we äh­li ra­ýat­la­ryň sport çä­re­le­ri­ne hem-de bäs­le­şik­le­ri­ne giň­den çe­kil­me­gi üçin bar­ha amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Ne­ti­je­de, hä­zir­ki dö­wür­de sport bi­len ça­ga­lyk­dan dost­la­şan sag­dyn, berk be­den­li hem-de sy­rat­ly ýaş­la­ry­my­zyň sa­ny git­di­gi­çe art­ýar.

Şi­rin­na­bat Sar­ja­gu­lo­wa,
TKA-­nyň Türk­men­ba­şy şä­her bir­leş­me­si­niň esa­sy hü­när­me­ni.
Beýleki habarlar