Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aňly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy üçin milli bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, sanly serişdeleri peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam bermegi maksat edinýär.
Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşi kämil ylym-bilim ulgamyny döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamynda hem dünýä tejribesine we milli ýörelgelerimize laýyklykda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler bu gün ýurdumyzyň ýaşlaryny begendirýän, buýsandyrýan zatlaryň biri bolup durýar.