Adamyň beden taýdan kämilleşmeginde maşklar örän ähmiýetlidir. Säher bilen ýerine ýetirilýän maşklar adamyň bedenini taplaýar, nerw dartgynlylygynyň öňüni alýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Irki maşklary endige öwürmek durmuşyňy sagdynlyga beslemegiň esasy şertleriniň biridir.
Maşklar yzygiderli ýerine ýetirilende, ýürek myşsalaryny güýçlendirýär, öýkeni türgenleşdirýär. Bu bolsa bedeniň kislorod bilen üpjünçiligini kadalaşdyrýar. Fiziki işjeňlik çagalaryň we ýetginjekleriň süňk ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýar, myşsalaryň sagdyn ösmegine ýardam edýär. Ukyňy kadalaşdyrmakda, keýpiňi sazlamakda hem maşklaryň peýdasy uludyr.