Giň gözýetimli, ýurduň ösüşlerine öz goşandyny goşýan, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere işjeň gatnaşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu ugurda bilim işgärleriniň öňünde hem möhüm wezipeler durýar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmelerinde bilim ulgamyna möhüm orun berilýär. Milli ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde, halkara hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikler bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde şu günki ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Milli Liderimiziň: «Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýpden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris» diýen buýsançly sözleri hem munuň aýdyň güwäsidir.