Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. 18-19-njy noýabrda paýtagtymyzda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem munuň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar.