Akyldar şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde ynsan saglygy ýurdumyzyň baş baýlygyna deňelýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip kepillendirilýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bolsa öňdengörüjilikli kämil paýhasy bilen «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp paýhasy döwrüň ýörelgesine öwürdi.
Ata Watanyny janyndan eziz görüp söýen merdana, gujur-gaýratly ýigitlere begler diýipdir türkmen. Emma halkymyzyň begligiň baş badalgasy dogrusynda aýdan bir nakyly hem bardyr. Dogry, ol nakyl «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dört sözden ybarat müdimilik paýhasdyr.