Ynsanyýete hemra bolan gymmatlyk

27 Noýabr 2024
164

Adamzat gymmatlyklarynyň mundan müňlerçe ýyl öň hem bar bolşy ýaly, olar häzir hem bar. Näçe wagt geçse geçsin, olar ynsan durmuşyndan çykyp gitmeýär. Olary aň, göwün baýlygy... diýip atlandyrybam bolardy. Ýöne islendik zatda tertip-düzgün bolsa ýagşy. Diýmek, biziň hem ýokardaky pikirlerimizi çugdamlap, tertipleşdirsek, «medeniýet» diýen düşünje ör-boýuna galýar.

Islendik halka mahsus bolşy ýaly, türkmen halkynyň geçmişini bezän gymmatlyklar hem sanardan kän. Olar şol wagtlarda hem halkyň abraý-mertebesini belende göteripdi, häzir hem bu baglanyşyk öz täsirini ýitirmän gelýär. Medeniýetiň gülläp ösýän topragynda ýaşamak her kimiň arzuwy, islegi. Sebäbi medeniýet iň gözel ynsan häsiýetlerini açmagyň, belent adamkärçilik sypatlaryny düýpleýin kämilleşdirmegiň ajaýyp mekdebidir. Eýsem, ynsanyň kämillige ymtylmagy nireden başlanýar?! Elbetde, ilkinji sowat alan mesgeninden! Dogrudanam, pikir edip görsek, adam öz öwrenişen, ösüp-ulalan topragyny küýsegiç bolýar. Muňa Watan küýsegi diýilýär! Watany küýsemegiň ilkinji sebäpleri bolsa, şol ýerde galan bize degişli ruhy gymmatlyklardyr.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar