Köp derdiň dermany Türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýeti dünýä meşhur bolýar

4 Ýanwar 2021
2102

Türkmen — owal-ahyr saglyga sarpa goýup gelen halk. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda beýanyny tapan «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllardyr atalar sözleri ata-babalarymyzyň saglyga näderejede ähmiýet berendigine, ony dünýäniň mal-mülkünden, genji-hazynasyndan hem zyýat görendigine şaýatlyk edýär.

Pederlerimizden miras galan bu ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýerde bir zady, özem örän möhüm zady aýratyn belläp geçmek gerek: biz milli Liderimiziň ýurdumyzda ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagy ugrunda ýadawsyz alada edýändigi, il bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlara badalga berip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi bilen birlikde, lukman Arkadag, alym Arkadag bolup, öz raýatlarynyň jan saglygyny hemme zatdan ilerde tutýandygy, ony goramaga uly üns berýändigi, bu ugurda ylmyny, zehinini, zähmetini gaýgyrmaýandygy üçin hem buýsanmalydyrys. «Döwletimiziň beýik geljegi halkymyzyň bagtyýar we sagdyn durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr» diýýändigi üçin buýsanmalydyrys. «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaplary hormatly Prezidentimiziň ata Watanyna, ene topragyna, mähriban halkyna bolan çuňňur söýgüsiniň aýdyň alamatydyr we şol bir wagtyň özünde-de ylahy zehininiň, döredijilikli gözlegleriniň we ylmy barlaglardyr amaly işleri yzygiderli alyp barmak boýunça tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Şeýle mähirli söýgi hem-de datly miwe bu günki günde göwünlerimizi galkyndyryp, sagdynlykda, bagtyýarlykda ýaşamagyň nurana ýoluny salgy berýär.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».
Beýleki habarlar