Dost-doganlyk sazlary

26 Noýabr 2024
203

Tylla güýzüň soňky günleri bolan 18-27-nji noýabr aralygynda ak şäherimiz Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi türkmen sungatynyň barha dabaralanýandygyny äleme ýaýdy.

Ýurdumyzyň we Ýewropanyň medeniýet, sungat wekilleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dünýäniň halklaryny gözel sungat arkaly birleşdirýän ajaýyp aýdym-sazlar we sahna eserleri arzyly muşdaklaryna gowuşýar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary tarapyndan gyzgyn garşylanýan köpugurly çäreler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň örän uly ähmiýetini şöhlelendirýär.

Aşyrgeldi ATAGULYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar