Nesil terbiýesi — mukaddes wezipe

26 Noýabr 2024
230

Hormatly Prezidentimiz: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýip belleýär. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, dünýä ülňülerine laýyklykda bilim we terbiýe almagy üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we oňyn dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu çözgüt milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ýaş nesillere irki ýaşdan başlap ylmy taýdan esaslandyrylan bilim-terbiýe bermek, çagalaryň mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň döredijilik we hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek esasy talaplar bolup durýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň işini döwrüň talabyna görä üýtgedip gurmak, netijeli bilim taglymatyny çagalar bagynyň durmuşyna ornaşdyrmakda öňdebaryjy iş tejribesine daýanylýar.

Gülşat ATAÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar