Güýzüň soňky günleri (Oýlanma)

26 Noýabr 2024
198

Güýzde täsin mähir bar. Men güýz paslyny söýýärin, onuň şähdiňi açýan tämiz howasyna ýylboýy garaşyp ýetýärin. Güýzüň sary ýapraklary, ganat gerip, hatar gurap uçýan durnalar bolsa kalbyma aram berýär. Ine-de, güýzüň soňky günleri. Ol ýene biz bilen tutuş bir ýyllyk hoşlaşyp, taryhyň gatyna girer. Emma onuň ýakymly ýatlamalary her birimiziň aň älemimizde hemişelik galar.

Aslynda güýz diýlende ejelerimiziň boýumyza guwanyp, ellerimizden tutup, ilkinji gezek ak mekdebe eltip gaýdyşy, olaryň mekdebiň gyzykly günleri hakyndaky beren gürrüňleri, galyberse-de ýetginjeklik ýyllary, şol döwürde bolan iň täsin pursatlar, gyzykly wakalar seriňe dolýar. Türkmençilikde güýz pasyllaryň paýhaslysy hasaplanýar. Güýzde edilen yhlas, çekilen zähmet öz netijesini berýär. Şonuň üçin hem ilimizde «jüýjäni güýz sanaşarlar» diýilýän aýtgy bar. Çünki güýz ähli çekilen zähmeti terezä salyp ölçäp bilýän pasyl.

Aşyr ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar