Türkmenistan — bagtyň mekany, Ýaňlansyn dostluk mukamy

26 Noýabr 2024
199

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde özüni dünýä ykrar etdiren ata Watanymyzda gazanylýan ösüşler, özgerişler kalbymyzy joşduryp, nurana ertirlere bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, gazanylýan ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň diňe bir halkymyz tarapyndan däl, eýsem, dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldawa eýe bolýandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Ylaýta-da, medeni ulgamda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Şu ýylyň 18 — 27-nji noýabrynda merjen paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu hepdelik Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň, Germaniýanyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde taýýarlan maksatnamasy esasynda geçirilýär.

Gülaýym AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar