Türkmenistan — BAE: hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

26 Noýabr 2024
316

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan bu günki gün dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, halklaryň bähbitlerine gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işleri alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.

Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de wise-prezidenti, Premýer ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar