Usuly-amaly okuwlar işjeň ýagdaýda geçdi

26 Noýabr 2024
393

«Türkmenistanyň umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Döwrebap ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek biz — mugallymlaryň baş maksady bolup durýar. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň dünýä tejribesinden peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi ösdürilýär. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmuny hil taýdan täzelenýär. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda, ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçirilýär. Konsepsiýada bellenen wezipeleriň iş ýüzünde ornaşdyrylmagy esasynda, bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň üsti ýetirilip, ýaş nesliň döwrebap kemala getirilmeginde geçirilýän işleriň many-mazmuny baýlaşdyrylýar we geljekki ösüşleriň berk binýadyna öwrülýär.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda, has takygy, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekilen möhüm resminamany ─ Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy «Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy görkezmek bolar. Şol ylalaşykda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda оkatmak ýaly möhüm işler öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, şu ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary başlandy. Hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryň dowamynda mugallymlar häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny, olary Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň şertlerine uýgunlaşdyrmaklygyň usullaryny öwrenýärler we ýurduň umumy bilim edaralarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň çäklerinde öz tejribesini paýlaşýarlar.

Mähri KARAÝEWA,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar